icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

16 sentýabr 2023

3003

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmona myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň!

Şeýle hem hormatly Ilham Geýdarowiçi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hormatly myhmany hökmünde mübäreklemäge rugsat beriň!

Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär. Şu günki duşuşygyň barşynda biz syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde garşy durmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmalydyrys.

Gürrüňsiz, biz öz öňümizde anyk maksatlary goýup, olara ýetmegiň esasy şertiniň sebitimizde özara hormat goýmaga, bähbitleri nazara almaga, halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna eýermäge esaslanýan pugta, uzak möhletli parahatçylykdan, howpsuzlykdan we durnuklylykdan ybaratdygyndan ugur alýarys. Şu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň aýratyn ähmiýetini bellemek isleýärin. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär. Biz bu resminamanyň kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini çözmek we Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ony pugta parahatçylygyň, howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýarys.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda hem bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirer. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys. 

Hususan-da, birinjiden, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi teklip edýäris. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle dialogyň ilkinji mejlisini 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmäge taýýardyrys.

Ikinjiden, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamagy teklip edýäris.

Üçünjiden, ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýäris. Merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyrys.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýäris. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimlerimizi utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgam innowasiýalar hem-de täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biz bu ulgamda yzagalaklyga ýol berip bilmeris.

Biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Bu artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermek hem-de sanly ulgamy ösdürmek örän möhüm wezipe bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar. Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar babatda birleşen strategiýasyny döretmek boýunça esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bilerdi.

Energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýar. Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir. Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Biziň umumy tagallalarymyz netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi.

Ýokarda agzalan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjekdigine, giň sebitiçi we halkara derejede ýakynlaşmak babatda Merkezi Aziýada şertleri kemala getirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Medeni-ynsanperwer meselelerde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar. Bu gün biz döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi, oňyn tejribesi barada kanagatlanma bilen aýdyp bileris. Bu ugurda mundan beýläk-de öňe gitmek, gatnaşyklaryň täze usullarynydyr görnüşlerini gözlemek gerek. Hut şu maksatlar bilen, bäşinji sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we ylym-bilim forumlary geçirilýär. Olaryň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrüljekdigine ynanýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Şu gün gyzyklanma bildirilýän, netijeli we düýpli pikir alyşmalar geçirilýär, peýdaly, çuň manyly tekliplerdir başlangyçlar öňe sürülýär. Munuň özi döwletlerimiziň bilelikde guwandyryjy netijeleri gazanmak babatdaky syýasy erk-islegini, meýillerini, aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu bolsa biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.

Döwlet Baştutanlaryna we wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi