19 sentýabr 2023
5108
Türkmenistanyň ilçisi Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory bilen duşuşyk geçirdi
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory Sona Ogannisýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň konserwatoriýalarynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe alyşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi rektora N.Halmämmedowyň, W.Muhadowyň we beýleki meşhur türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň ýygyndylaryny gowşurdy.
Taraplar iki ýurduň konserwatoriýalarynyň bilelikde çäreleri guramagynyň, Türkmenistanda we Ermenistanda geçirilýän sazçylyk sungaty boýunça ylmy maslahatlara gatnaşmagyň wajypdygyny bellediler.
Başga habarlar
23
Oct
Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 311-nji mejlisi geçirildi
23
Oct
Wenada Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglar gowşuryldy
22
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
19
Oct
Türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň üçünji mejlisi geçirildi
19
Oct
Daşkentde «Tatar kyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
Ähli habarlary görmek