icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

22 sentýabr 2023

3883

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ýapon tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy ugurlarynyň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentleriniň dostluk toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi işjeň parlamentara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Şeýle hem taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi