03 oktýabr 2023
4293
Astanada konkur boýunça ýaryşlar geçirildi
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy Astanadaky «Argymak» atçylyk-sagaldyş toplumynda atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça ýaryş gurady.
Sport çäresine Gazagystanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Astananyň häkimliginiň wekilleri, gazak türgenleri we atçylyk sportunyň janköýerleri gatnaşdy.
Bäsleşigiň çäklerinde çeýeligini we atlar bilen özara baglanyşygyny görkezýän türgenleriň görkeziş çykyşlary boldy.
Sport baýramçylygynyň ýeňijileri we baýrak alanlar medallar, hormat şahadatnamalary we ilçihananyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Başga habarlar
30
Apr
“Türkmenistan — Hytaý: dostluk, saglyk we ekologiýa diplomatiýasy” atly welosiped ýörişiniň geçirilmegi barada
30
Apr
Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy
29
Apr
Türkmenistanyň Ilçisiniň Moldowa Respublikasynda Parlament we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary
28
Apr
Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary bilen duşuşyk geçirdi
28
Apr
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň ýokary wezipeli işgärleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Ähli habarlary görmek