icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 mart 2017

290

"Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol" mowzugy boýunça Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumy

2017-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Aşgabatda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň astynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumy geçiriler.

Forum global energetika howpsuzlygynda üstaşyr geçirmegiň orny we durnukly ösüş barada işjeň gepleşikleri geçirmek maksady bilen "Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol" ady bilen geçiriler.

Forumyň işine, energiýa serişdeleriniň, şol sanda tebigy gazynyň, nebitiň we elektroenergiýanyň üstaşyr geçirmek barada amaly, hukuk we dolandyryş nukdaýnazarlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, senagat pudagynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşarlar.

2017-nji ýylyň 31-nji maýynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara energetiki media-forumy geçiriler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi