icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

26 oktýabr 2023

1790

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Global Gateway» forumyna gatnaşmagy barada

2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Brýusselde Ýewropa komissiýasy tarapyndan gurnalan, ÝB-niň we hyzmatdaş döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini, hususy pudagy we beýleki gyzyklanýan taraplary birleşdirýän “Global Gateway” forumy geçirilýär.  

Forumyň maksady, “Global Gateway” strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde öňegidişligi açyp görkezmekden ybarat. Onuň çäginde ÝB-niň dünýädäki aragatnaşyk, saglygy goraýyş, bilim we gözleg ulgamlaryna maýa goýumlaryny meýilleşdirýär.

Çäräni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen açdy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýurdumyzyň infrastrukturasynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada çykyş etdi. Ulag pudagynyň ösüşiniň ählumumy arabaglanyşyk üçin ähmiýetiniň çäginde ministr, ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin Türkmenistan tarapyndan başy başlanan taslamalaryň ýerliklidigini nygtady. Hususan-da, ulag pudagynda sebitleýin maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi kesgitlenildi, bu hem Ýewropa üçin gyzykly bolup biler.

25-nji oktýabrda forumyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew bilen Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň prezidenti Odile Reno-Bassonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ministr Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň başlygyna ýurduň BSG-ä goşulmakdaky prosesi we bu babatda Türkmenistanyň daşary söwda derejesi hakynda Ähtnamany taýýarlamak meseleleri barada habar berdi.

Şeýle hem Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň Türkmenistanda hususy pudak bilen işini güýçlendirmek we ulag pudagynda ileri tutulýan sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün, Türkmenistan wekiliýetiniň gatnaşmagynda ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasynda “Türkmenistan-ÝB: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýany ýokarlandyrmak” taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasyndaky bu bilelikdäki taslama, Türkmenistana BSG-ä girmek prosesinde goldaw bermek üçin döredildi. 

Gol çekişlik dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri ýurduň dünýäniň söwda ulgamyna işjeň goşulýandygyny belläp, Türkmenistan tarapyndan BSG-niň kadalaryna we ülňülerine laýyklykda ýurduň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreleriň möhümdigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi