icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

03 noýabr 2023

2711

Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýewiň Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Mohamed Albudaiwi bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda 2023-nji ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen GCC-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sammitiniň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň ýollary barada pikir alyşyldy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Geňeşiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerden ugur almak arkaly, gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi