icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

06 sentýabr 2016

2251

PRESS-RELIZ

2016-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde “Stambul prosesi” atly  Owganystana ýardam bermek boýunça Ynamy berkitmek çäreleriň çäginde “Sebit infrastrukturalary” (RI-CBM) atly çärelere gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi.

Öz düzüminde 14 sany gatnaşyjy ýurtlary şeýle hem özüniň gün tertibini goldaýan 16 sany ýurdy we 12 sany sebit hem-de halkara guramalaryny birleşdirýän Stambul prosesi 2011-nji ýylyň noýabrynda Owganystany dikeltmäge ýardam bermegiň üsti bilen sebitleýin kynçylyklaryny çözmekligiň gurallaryny işläp taýýarlamak maksady bilen döredildi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ýa-da Ynamy berkitmek çäreleri öz düzümine terrorçylyga we neşelere garşy göreş, tebigy heläkçilikleriň öňüni almak we netijelerini ýok etmek, infrastruktura, söwda we bilim ulgamlarynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlary alýar.

Türkmenistan Azerbaijan Respublikasy bilen bilelikde 2012-nji ýyldan bäri “Sebit infrastrukturalary” atly Ynamy berkitmek çärelerine baştutanlyk edýär. Bu çärelere birnäçe iri sebitleýin taslamalary, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň we elektrik geçirijileriň gurluşygy girýär.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu aýdan sözlerini öz çykyşynda getirdi: “Halkara bileleşiginiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermek bitarap Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy wajyp ugry bolup durýar”.

 Öz gezeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozdyň duşuşyga gatnaşyjylara iberen hatynda şeýle diýilýär: “Owganystandaky uzak möhletleýin howpsuzlyk we durnuklylyk bütin ÝHHG-niň sebitindäki howpsuzlyga gönüden-göni täsir edýär. Gurama Owganystanda howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegi üçin öňe sürülýän sebitleýin başlangyçlara ýardam edýän dürli çäreleri geçirýär. Şu duşuşyk hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Türkmenistanyň Hökümetine “Stambul prosesi” atly  Owganystana ýardam bermek boýunça Ynamy berkitmek çäreleriň çäginde “Sebit infrastrukturalary” (RI-CBM) atly çärelere gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň başlyklyk ediji hökmünde goldaw bermek boýunça taslamasynyň çäginde gurnaldy. Merkez bu ugurda goldaw bermegini dowam etmäge taýýardygyny aýan edýär”.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyna uly goşandyny we Owganystanda infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak boýunça geçirýän çärelerine oňyn baha berdiler. Hususan-da Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ep-esli ilerlemegi boýunça Türkmenistanyň öňdebaryjy tagallalaryny bellediler.

 Duşuşygyň barşynda jogapkär ýurtlaryň milli wekilleriniň RI-CBM-niň çarçuwasynda öň ylalaşylan maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirýän işleriniň hasabatlary diňlenildi we ýurtlar bilen halkara guramalaryň arasynda özara işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maslahatlaşmalaryň netijeleri teklipler görnüşinde indiki duşuşyklaryň gün tertibine giriziler.

 “Stambul prosesi” atly  Owganystana ýardam bermek boýunça Ynamy berkitmek çäreleriň çäginde “Sebit infrastrukturalary” (RI-CBM) atly çärelere gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň bu duşuşygyny gurnamaga goldaw bermek ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň býujetden daşary taslamasynyň ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilen bölegi bolup durýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi