icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

27 noýabr 2016

1143

Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi

  Forumyň çäklerinde, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijesinde resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça geňeşmeleriň usulyny ýola goýmak babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Çili Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Konwensiýanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda olaryň degişli çäklerinde we ondan daşarda howa gatnawlary hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, üpjünçilik ulgamlary we ulag ministrliginiň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

  Şeýle hem Ulag babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meýilleri barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň howa edaralarynyň wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşygyň Teswirnamasyna; Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde tassyklanan, 2016—2020-nji ýyllarda BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky 2016-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky 2017-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi