icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 oktýabr 2018

846

Duşenbede Türkmen–Täjik hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen–täjik toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Ýokarda agzalan toparyň türkmen böleginiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we täjik böleginiň düzümine bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň barşynda goňşy döwletler bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, taraplar 2017-nji ýylyň 2–3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň barşynda söwda, maýa goýum, ykdysadyýet, gurluşyk, senagat, oba hojalygy, ylym we medeniýet ulgamynda gol çekilen resminamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy, şeýle-de toparyň ýedinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem bu mejlise gatnaşyjylar iki döwletiň geografik ýagdaýyny we üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça işjeň geleşikleri dowam etmegiň möhümdigini bellediler. Taraplar Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoluny wagtynda ulanmaga bermek maksady bilen, alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-täjik toparynyň sekinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi