icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 oktýabr 2018

935

Türkmen–amerikan syýasy geňeşmeleri tamamlandy

2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň DIM-niň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri dowam etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, energetika, suw hojalygy we sebitleýin integrasiýasy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geljekgi hyzmatdaşlygyň oňyn mümkinçilikleri bolan ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ugry, oba hojalygy, çig mal we önümçilik pudaklary bellenildi.

Bilim we ylym, şeýle hem innowasion tehnologiýalary  pudaklarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi.

Mundan başga-da, Nýu-Ýork şäherinde bilelikde geçirilen işewürler maslahatynyň dowamynda beýan edilen başlangyçlara esaslanyp, taraplar hususy ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda emele gelen gatnaşyklary dowam etmek üçin özara gyzyklanmalara laýyk gelýän önjeýli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdürilmeginiň zerurlygyny we dürli derejelerde duşuşyklaryň möhümdigini belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi