icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

26 noýabr 2016

1120

Ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmeklik meseleleri boýunça ugurdaş çäreler geçirildi

26-njy noýabrda günüň ikinji ýarymynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çarçuwasynda “2030-yň Gün tertibini ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanda DÖM-nyň durmuşa geçirilmegi: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady we özeni” atly ýokary derejeli çäre geçirildi. 

  Bu çärä BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun, halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň ministrlikleriniň ýolbaşçylary, diplomatik missiýalaryň baştutanlary we Türkmenistanda hereket edýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar.

  BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun öz çykyşynda Türkmenistanyň başyny başlamagyndaky BMG-nyň kabul eden, halkara hyzmatdaşlykda transport-tranzit geçelgeleriniň orny baradaky rezolýusiýasynyň ähmiýetini belläp, barmasy kyn ýerlerde ýollaryň gurluşygynyň ähmiýetlidigini we bu ugurda energiýanetijeli we ekologiki taýdan arassa tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belledi.

  Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda DÖM-nyň meseleleri boýunça konstruktiw halkara gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň tarapdarlarydygyny bellediler we geljekde-de bu ugurda döwletler we hökümet agzalary, şeýle hem BMG-nyň ýöriteleşdirilen agentlikleri, halkara guramalar  bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklajakdyklaryna ynandyrdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi