icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

06 sentýabr 2016

1929

Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2016-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri jenap Žan Asselborn bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda özara gatnaşyklaryň işjeň görnüşlerini işläp taýýarlamak ýoly bilen syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada konstruktiw gepleşikler geçirildi. Bu barada iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň möhümdigi bellenilip geçildi. Şeýle-hem halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlaryny goldamak bilen uzakmöhletleýin işjeň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi nygtaldy.

Birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleriň esasynda alnyp barylýan giň dostlukly gatnaşyklaryň netijeliligi barasynda aýdylanda bolsa,  taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn we yzygiderli düýbüni tutmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk babatynda sport we syýahatçylygyň gerimini giňeltmeklige hem gyzyklanma bildirildi.

  Gepleşikleriň ahyrynda Howa gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi