icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 noýabr 2018

806

Türkmenistanda Lapis Lazuli halkara maslahaty geçiriler

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa we Türkiýe Respublikasynyň arasynda gol çekildi. Bu Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän halkara maslahatynda Türkmenistan bilen bilelikde birnäçe beýleki ýurtlaryň ulag ministleri hem-de bu ugurda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurtly iri kompaniýalaryň gatnaşmagynda Lapis Lazuli ugry boýunça ulag ulgamyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde dünýä arenasynda ulag üstaşyr geçelgelerini, şeýle-de olary giňeltmegiň möhüm ähmiýetlerine seretmek maksady bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine hem garaşylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi