icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2016

1491

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň işe girizilmegi dabarasyna gatnaşdylar

2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani halkara Aziýa demirýol ulag geçelgesiniň birinji nobatyny işe girizmek dabarasyna gatnaşmak üçin Ymamnazar demirýol menziline geldiler.

  Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-owgan serhedinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ibermek boýunça täze “Ymamnazar” terminalyny açdy. Terminalyň tabşyrylmagy Halkara Aziýa demirýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny işe girizmek boýunça teleköpriniň ýardamy bilen amala aşyryldy. Onuň kuwwaty 540 müň tonna deňdir, nebit önümleri demir ýol boýunça terminala getiriler, soňra bolsa eksporta ibermek üçin ýörite awtomobillere ýükleniler.

  Soňra Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň “altyn sepi” birkidirildi. Türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani täze polat ýoluň “altyn sepini” berkitdiler.

  Transmilli polat ýolunyň - Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çägine 46 wagondan düzülen otly ugrady. Ondaky ýük--un, däne, sement, karbamid we kükürt türkmen tarapynyň Owganystana sowgadydyr.

  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Akina menziline türkmen-owgan serhedinden geldiler, nyşanly talasyny kesip Owganystandaky Akina menzilini – Halkara Aziýa demirýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň ahyrky nokadyny açdylar.

  Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiniň sosial-ykdysady infrastrukturasyny dikeltmekde, täze iş orunlaryny döretmekde, owgan halkynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) demir ýolunyň taryhy ähmiýeti bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi