icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 dekabr 2018

767

Aşgabatda ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň duşuşygy geçirilýär

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, “Ýüpek ýolundaky medeni hyzmatdaşlygynyň  Ýüpek ýolunuň ugrundaky sportyň we oýunlaryň adaty görnüşleri” atly mowzugyna bagyşlanan bilermenleriň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili we ÝUNESKO-nyň wekili çykyş etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoly taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan geçirilýän bu bilermenleriň duşuşygynyň maksady ”Ýüpek ýolunyň ugrundaky sportyň we oýunlaryň adaty görnüşleri” atly mowzugy ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Bu maslahatyň işine dünýäniň dürli sebitlerinden çagyrylan 15-e golaý bilermen gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda bilermenleriň arasynda Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen sportuň we oýunlaryň adaty görnüşleri we bu sport we oýunlaryň emele gelmeginde taryhy kontekstler ýaly soraglar barada pikir alyşyldy. Mundan başga-da, sportyň we oýunlaryň adaty görnüşleriniň arasyndaky özara täsirlere we alynmalara sebäp bolan işler we usullar mowzugy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2018-nji ýylyň 5-nji dekabrynda bu duşuşygyň işi dowam etdiriler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi