icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 dekabr 2016

1042

Türkmenistanyň we Polşanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi

2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda Tütkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi. Polşa tarapyna Polşanyň DIM-niň Konsullyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Miroslaw Stawski ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň çarçuwasynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikirleri alyşdylar. Taraplar şeýle hem iki ýurda degişli konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmek boýunça pikirleri alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde özaragatnaşyklary giňeltmek we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi