icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 fewral 2019

2995

Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirmek üçin görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media-forumy hazarýaka döwletleriň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýylyň başyndan bäri degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen konsepsiýasy işlenilip düzüldi we tassyklanyldy. Degişli konsepsiýa laýyklykda häzirki wagtda Birinji Hazar ykdysady forumy üçin ýörite resmi web-saýt işlenilip düzüldi we ol saýt şu ýylyň 18-nji fewralyndan işläp başlamagy meýilleşdirilýär. Web-sahypasy – CEFAvaza2019.gov.tm resmi salgysynda ýerleşendir. Bu web-saýt arkaly çärä gatnaşjak wekiller online görnüşinde hasaba alnyp bilner we bu öz nobatynda çärä gatnaşmagy meýilleşdirýänler üçin özboluşly ýeňillik bolup durýandyr.

Mundan başga-da birinji Hazar ykdysady forumynyň ýörite logosy hem döredildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi