icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2016

1325

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň baştutany Türkmenistanda işe başlady

2016-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeri kabul etdi.

            Duşuşygyň başynda Ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny milli baýramçylyk - Bitaraplygyň 21-ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de parahatçylyk, rowaçlyk, özygtyýarly ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

            Ynanç hatlaryň gowşurylyş dabarasyndan soň taraplar dürli ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlarda ösdürmäge gönükdirilen geljekki özarabaglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝB-niň wekiliýetiniň baştutany Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda, şol sanda hukuk ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlary hem-de wezipeleri bilen tanyşdyryldy.

            Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depgini bellenildi. Amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy munuň subutnamasy bolup durýar. BOMKA (Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam etmek boýunça taslamasy) we KADAP (Merkezi Aziýada neşe seişdeleriniň bikanun dolanşygy bilen göreşmek boýunça Çäreleriň meýilnamasy) taslamalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.

            Şol günüň özünde jenap Kristian Berger Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany hökmünde öz ynanç hatyny gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi