icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 fewral 2019

1168

Türkmenistanyň DIM-de «Deutsche Bank AG» bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlikli özara gatnaşyklarynyň öňjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlarda üstünlikli özgerip hil taýdan täze derejelere çykýandygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy boýunça edilmeli birnäçe aýdyň ädimleri barada pikir alyşdylar. Bellenilşi ýaly, munuň üçin nebitgaz we himiýa pudaklarynda, elektrik energetika ulgamynda, ulag we senagat ugurlarynda  mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara peýdaly gatnaşyklar esasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşine ynam bildirip, geljekde hem tagallalary birleşdirmeklige kanagatlanma bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi