icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 dekabr 2016

1055

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Wekilýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Wekiliýetiniň ýolbaşçysy j-p Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Žan-Žerom Kasabýankany Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Wekiliýetiniň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. Soňra taraplar üç sany esasy ugur boýunça dowam edip gelýän ysnyşykly hyzmatdaşlygy, ýagny halkara ynsanperwerlik hukugyny milli kanunçylyga ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk etmek we Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasynda kabul edilen Halkara ynsanperwerlik hukugyny durmuşa geçirmek boýunça 2016-2017-nji ýyllar üçin Çäreleriň maksatnamasynyň çarçuwasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasynda 2016-njy ýyl üçin ylalaşylan hyzmatdaşlygyň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini we Türkmenistanyň we HGHK-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2017-nji ýyl üçin Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi