icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 mart 2019

671

Türkmenistanda Gruziýanyň täze Ilçisi akkreditirlendi

2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gruziýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjiknelini kabul etdi.

Duşuşygyň başynda Gruziýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abdançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bar bolan üstünlikli dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde ýetilen sepgitler barada pikir alyşdylar hem-de olary geljekde has-da kämilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar. Şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip geçildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady ulgamdaky şeýle hem ulag, energetika, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar.

Ulag ulgamyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, taraplar ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygyň üstünde hem durup geçdiler. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Jenap Ilçi Gruziýanyň  bu taslamany ösdürmek işine işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty kämilleşdirmege berýän uly ünsüni belläp, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy berkitmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçini wezipesine başlamagy bilen gutlady we Ilçiniň geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki işine ýardam bermäge taýýardygyny aýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi