icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 mart 2019

693

Mangeým şäherinde «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» sergisiniň açylmagy

2019-njy ýylyň 9-njy martynda Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly arheologiki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasyna 400 golaý adamlar gatnaşdylar, olaryň arasynda Bundestagyň deputatlary, Mangeýmiň syýasy toparlarynyň wekilleri, German-Türkmen forumynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdy. 

Bu çärä gatnaşmak üçin Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 8-10-njy marty aralygynda Mangeýmde boldy.

Muzeýiň mejlisler zalynda geçirilen resmi açylyş dabarasynda HDB syýasy partiýasyndan Bundestagyň agzasy, medeniýet boýunça parlament komitetiniň agzasy N.Lýobl, Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory T.Nobatow, Mangeým muzeýiniň kolleksiýalar boýunça ýolbaşçysy G.Pike we Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynyň baş direktory prof.         A. Wieçhorek dagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.    

Çykyşlarda Berlinden we Gamburgdan soňra 2019-njy ýylyň martyndan iýunyna çenli indi Mangeýmde geçirilýän serginiň Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşandyny goşjakdygy we german jemgyýetçiligini türkmen halkynyň baý taryhy we özboluşly medeniýeti bilen tanyşdyrjakdygy bellenilip geçildi.

Mundan soňra Mangeým muzeýiniň direktory S.Wihertiň alyp barmagynda ýurduň muzeýleriniň birnäçesiniň direktorlarynyň gatnaşmagynda podium-ara alyp maslahatlaşylmar guraldy.

Çykyşlardan soňra Türkmenistanyň sungat usatlary tarapyndan taýýarlanylan konsert maksatnamasy görkezildi, ol çärä gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Bu medeni çäräniň tamamlanmagy boýunça Ilçihana tarapyndan Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumy bilen birlikde baýramçylyk kabul edişligi geçirdi, onuň barşynda myhmanlar türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi