icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 mart 2019

841

Ysraýyl Döwletinde türkmen-ysraýyl syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirmeginiň yzygiderliligini belläp geçdiler.

Mundan başga-da, syýasy geňeşmeleriň barşynda abraýly halkara guramalarynyň, aýratyn hem Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň halkara institutlarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdsady gatnaşyklaryny, has takygy oba hojalygy, suw ulanyşy ulgamlaryny giňeltmek boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwerlik ulgamynda, aýratyyn hem saglygy goraýyş, innowasiýalar we tehnologiýalar ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly geljekki ösüşi üçin oňyn şert döredýän syýasy geňeşmeleriň guralynyň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi we ösdürilmegi barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi