icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 dekabr 2016

1071

ÝHHG-niň DIAHB-nyň bilermenleri Türkmenistanyň DIM-nde duşuşyk geçirdiler

2016-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işiniň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Aşgabada gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň (DIAHB) saýlawlar boýunça uly geňeşçisi Lýusine Badalýan we bu býuronyň geňeşçisi Wladimir Misew bilen duşuşyk geçirildi.

  Duşuşygyň barşynda taraplar saýlawlaryň halkara hukugynyň saýlawlary guramak we geçirmek ulgamyndaky umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin görülýän taýýarlyk işleriniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝHHG-niň DIAHB-nyň saýlawlara gözegçilik etmek we ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralaryna ýardam bermek boýunça uly oňyn tejribesiniň bardygy bellenildi.

  Saparyň çäklerinde ÝHHG DIAHB-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Adalat Ministrliginde, Saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynda, şeýle hem syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklary göz öňünde tutulandyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi