icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 mart 2019

789

Wenada Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanydyryş dabarasyny we tegelek stoly geçirdi.

Çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlarynyň wekilleri we Ilçileri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda, Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we  Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri çykyş etdiler.

Türkmen tarapy öz çykyşynda gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hususan-da, energetika, ulag we suw diplomatiýasy yaly ulgamlary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary insituty bilen tanyşdyryldylar.

Çäräniň barşynda, Birinji Hazar ykdysady forumyň tanyşdyryş dabarasy hem geçirildi, gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady, energetika we ulag strategiýalary, maýa goýum mümkinçilikleri, ýurdumyzyň Hazaryň bioçeşmelerini gorap saklamak we ekologiýa ugrundaky syýasaty, şeýle hem şu ýylyň 12-nji awgustynda geçiriljek Forumyň konsepsiýasy we gün tertibi bilen tanyşdyryldylar.

Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylara Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan wideorolik görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi