icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 aprel 2019

947

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitindäki býurosynyň wekilleri geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitindäki býurosynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi hanym Piroşka Ostlin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hanym Piroşka Ostlin saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. BSG ýokanç däl keselleriň meseleleri boýunça Türkmenistan bilen  hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdi we netijeli hyzmatdaşlygyň ýyllarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini belläp geçdi.

Duşuşykda, Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatynyň geçirilmegine Türkmenistanyň goşandynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem hanym P.Ostlin BSG-niň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge bildirýän gyzyklanmasyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi