2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistana “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Şahym Abdyrahmanow, Azerbaýjana – Energetika ministri Parwiz Şahbazow we Türkiýä – Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez wekilçilik etdiler.
Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly bolan ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.
Duşuşykda şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ministrleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň barşynda kabul edilen resminamalaryň, umumy sebitleýin gyzyklanmalarynyň we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesi ýaly taslamalaryň hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginiň üçtaraplaýyn düzümde hyzmatdaşlyk etmek üçin ygtybarly esas döredýändigi bellenilip geçildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama gol çekildi, ol ýurtlaryň üçüsiniň hem arasynda bar bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa, energonetijeliligi, ýaşyl tehnologiýalar, tejribe alyşmak, nebitgaz senagatynda, energetiki ulgamynda işleýän kompaniýalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ýaly ugurlary bilen birlikde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, sergileriň, maslahatlaryň we seminarlaryň geçirilmegini göz öňünde tutýandyr.
Soňra taraplar bilelikdäki press-konferensiýany geçirdiler.