icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 aprel 2019

700

Seulda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň moda görkezilişi we konserti geçirildi

2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Seulyň merkezi etrabynda ýerleşen Çonge meýdançasynda Türkmenistanyň moda görkezilişi we medeniýet işgärleriniň konserti geçirildi

Çärelere Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans topary, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen medeniýet ussatlarynyň çykyşlary we moda görkezilişi bu ýere gelen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Çäräniň çäklerinde 28-nji aprelde Seulyň ýaşaýjylary şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sergisi we milli aşhanalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Bu çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bahar Festiwalynyň çäklerinde geçirildi, ol Koreý gaznasynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipligi tarapyndan guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi