icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 maý 2019

676

Stawropol ülkesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295-ýyllygy bellenildi

2019-njy ýylyň 4-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnenski etrabynyň Edelbay obasynda türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295-ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Bu çäre Stawropol şäheriniň, şeýle hem Stawropol ülkesiniň Ipatowski, Turkmenski, Arzgirski, Neftekumski we Blagodarnenski etraplarynyň hem-de Astrahan oblastynyň türkmen kowçumlarynyň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Şeýle hem dabaralara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsuly, ýokardaky agzalan etraplaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmeklige goşýan uly goşandy üçin özleriniň minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

Irden Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmakdan başlanan bu baýramçylyk gününiň çäreleri konsert, at çapyşygy, futbol oýny we umumy desterhanyň başynda tagam-duz datmak bilen dowam etdirildi. Türkmeniň akyldar şahyry Matymguly Pyragynyň goşgularyny okan gatnaşyjylar we Medeniýet öýleriniň artistleri ýadygärlik baýraklar we sowgatlar bilen sylaglandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi