icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 maý 2019

576

Türkmenistanyň DIM-de Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Žyrgalbek Sagynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçiligi bilen birlikde derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle hem haryt dolanşygynyň göwrümini artdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň netijeli ähmiýetine üns bermek bilen, iki ýurduň wekilleri döwletleriň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi