icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 maý 2019

2849

Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň üstünde durup geçdiler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi, energetika, ulag we söwda ýaly ulgamlarda özarahereket etmek bilen bagly bolan meselelere aýratyn seredildi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda eýran kompaniýalarynyň we işewürler toparlarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän köpugurly taslamalara çekmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi, olaryň barşynda meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi