icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 maý 2019

629

Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono

 

Ilki bilen, Daşary işler ministri wezipesine bellenenimden soňra ilkinji gezek Merkezi Aziýa topragyna gadam basyp bilýändigim üçin özümiň çäksiz begenjimi beýan edýärin. Şu gün men Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisine gatnaşýaryn we bu meýdançanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan garaşsyzlygyň gazanylmagyndan bäri biziň ýurdumyz sebitiň ýurtlary bilen «Hyzmatdaşlygyň taryhyny» üznüksiz ösdürýär; 2015-nji ýylda Premýer-ministr Abeniň sebitiň bäş ýurduna taryhy sapary boldy. 2017-nji ýylda biz taryhyň möhüm wakasyny – diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny belläp geçdik. Şeýle hem Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzda hem ýokary derejeli wekilleriň saparlary işjeň amala aşyrylýar. Türkmenistanyň baý bolan energetika serişdeleriniň işlenilip düzülmegine gönükdirilen taslamalaryň birnäçesi we goşulan bahanyň artdyrylmagy hem Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynda üstünlikli ösdürilýär.

Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylýan wagtynda men bu günki mejlisde ýene-de bir gezek ýapon diplomatiýasynyň bu sebite gatnaşykdaky çemeleşmesiniň bu sebitde «açyk, durnukly we özabaşdak ösüşiň» saklanylmagynda hem-de bu işiň «sebitleýin hyzmatdaşlygyň katalizatorlary» hökmünde döwletleriň ählisi bilen habarlaşylyp amala aşyrylmagynda jemlenýändir.

Ýaponiýanyň hökümeti sebitde özarahereketleriň pugtalandyrylmagy boýunça pikirini goldaýandyr, çünki ol deňize çykyşy bolmadyk Merkezi Aziýanyň daşky dünýä üçin has açyk bolan ösüşi gazanmagy üçin haýryna gider. Biziň ýurdumyzyň gadymy paýtagty bolan Narada VIII asyrda Merkezi Aziýadan getirilen saz gurallary, eşikler, gylyçlar, gap-gaçlar we şol wagtyň beýleki esbaplary bardyr. Bu bolsa Ýüpek ýoly boýunça kesişen medeniýetleri we bilimleri beýan etmezden Ýaponiýanyň taryhy gürrüň bermegiň mümkin däldigini aňladýandyr. Biz 21-nji asyrda Merkezi Aziýa sebitiniň günbatarynda Hazar deňzi we Kawkaz sebiti, gündogarynda Aziýa we günortasynda Hindi ummany bilen Ýewropa birleşdirýän Ýewraziýanyň täze geçelgesi boljakdygyna ynam bildirýäris we ol geljekde hem ösmegini dowam etdirer.

Biziň ýurdumyz maksatlaýyn ýurduň açyklygy, aýdyňlygy, ykdysady netijeliligi we maliýe durnuklylygy ýaly halkara standartlaryna laýyklykda ýokary hilli infrastrukturany döretmek maksady, öz hyzmatdaşlary bilen gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýandyr. Şunlukda bulary ulanyp hem-de dolandyryp biljek adam gorlarynyň kämilleşdirilmegine hem aýratyn üns berilýändir we bu ugur hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki taslamalara girizilendir.

Owganystan bilen uzyn serhet araçägi bolan Merkezi Aziýada durnuklylyk we howpsuzlyk tutuş halkara jemgyýetçiligi üçin parahatçylygyň we durnuklylygyň zerur bolan şerti bolup durýandyr. Ýaponiýa serhetýaka gözegçiligi, neşe serişdeleriniň kontrabandasyna, terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň durnuklaşdyrylmagy ulgamynda sebitiň ýurtlaryň her birine kömeklerini berdi we ýardam etmegini dowam etdirer.

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk adamlaryň durmuşy bilen üznüksiz baglanşykly bolan ba hojalyk ulgamynda hem ösdürilýändir. Ol sebitiň ýurtlarynyň her biriniň haýsydyr-bir döwlete aşa garaşly bolmazdan öz milli ösüşiniň hözürini görmegine gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde hem Ýewraziýadaky täze ýerüsti geçelge sebitiň ýurtlarynyň ösüşine özbaşdak goşant goşmagyna ýardam edýän mümkinçiliklere eýe bolup durýandyr. Bu syýahatçylyk ulgamyndaky mümkinçilikdir. Merkezi Aziýa ýurtlary meselem sebitiň birnäçe ýurtlary boýunça özüne çekiji syýahatçylyk ugurlarynyň döredilmeginde bilelikdäki tagallaryny utgaşdyrýan ýagdaýlarynda has önjeýli bolup bilerdi. Mundan başga-da, syýahatçylyk arkaly özara düşünişmegiň ilerledilmegi sebitde parahatçylygyň we dostlugyň ösdürilmegi üçin ähmiýetli bolup durýandyr. Daşary işler ministrleriniň şu günki mejlisinde bu ulgamda iş ýüzünde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýandyr.

Ýaponiýanyň Merkezi Aziýada ýokarda beýan edilen ulgamlar bilen bir hatarda «açyk, durnukly we özabaşdak ösüşe» gönükdirilen ýardamy döwlet gurluşy üçin zerur bolan adam gorlarynyň ösdürilmegine ileri tutulýan goşant bolup durýar. Geçen 26 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýadan 10 müňden gowrak stažorlar kabul edildi we oba hojalygy, ulag, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, döwlet dolandyrylyşy, tebigy betbagtçylyklaryň öňüniň alynmagy we syýahatçylyk ýaly dürli ulgamlarda 3400-den gowrak ýapon bilermenleri ugradyldy. Ýaponiýada bilim alanlaryň arasyndan şu günki güne çenli Türkmenistanyň hökümetinde ýokary döwlet wezipesini eýeleýän ýa-da işewürlikde ajaýyp iş alyp barýan hünärmenleriň goýberilýändigini kanagatlanma bilen belläsim gelýär.

Merkezi Aziýa özbaşyna mümkinçiliklere baý sebit bolup durýandyr. Gürrüňsiz ýagdaýda, ýurtlaryň her biri aýratynlykda özüne çekijidir we men tutuş sebitiň çäklerindäki özarahereketleriň umuman aýdylanda has güýçli «himiki täsirleşmesine» getirjekdigine ynanýaryn. 2004-nji ýylda biziň ýurdumyz «sebitleýin hyzmatdaşlygyň katalizatorlary» hökmünde ähmiýetli boljak dünýäde ilkinji bolan «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogy görnüşindäki synag formatyny herekete girizdi. Şonuň üçin hem biz şeýle görnüşde sebitleýin hyzmatdaşlygynyň tutuşlygyna ilerledilmeginiň pugta depgininiň emele gelendigine kanagatlanma bildirýäris.

Dialogyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn dostlukly berk gatnaşyklaryň hasabyna saklanýandygy hakynda aýratyn aýtmagyň zerurlygy ýokdur. Türkmenistanyň wekiliýetiniň geçen ýylyň oktýabrynda Ýaponiýa guralan saparynyň barşynda ýurtlaryň ikisiniň arasynda köp ugurlar boýunça ähtnamalara we çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi. Ýapon tarapy iki ýurduň bu hyzmatdaşlyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin geljekde hem hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirer.

Sözümiň ahyrynda men 1-nji maýda Ýaponiýada täze imperatoryň tagta geçendigini we dolandyrylyşyň täze döwrüniň başlanandygyny aýtmak isleýärin. Meniň bu saparymyz Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky «Hyzmatdaşlygyň taryhynda» täze taryhy açjakdygyna ynam bildirýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi