icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

20 maý 2019

2938

Aşgabatda ÝHHG-niň sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady.

Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşdylar.                   

Maslahatyň maksady gümrük gurallarynyň, sanly ulgamyň we döwlet hyzmatdaşlygynyň sazlaşdyrylmagy arkaly söwdanyň, ulaglaryň we üstaşyr geçelgeleriniň dolandyrylyşynyň ýeňilleşdirilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolup durýandyr.

Maslahat 2019-njy ýylyň 22-nji maýyna çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi