icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 maý 2019

668

Türkmenistan we Ýaponiýa özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugrunda

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň Başlygy, “ITOCHU Corporation” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda Ýaponiýa bolan saparynyň soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň depginli ösüşine güýçli itergi berendigini nygtadylar.

Taraplar Türkmenistanyň çäginde ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gaz-himiýa we agrosenagat pudaklarynda durmuşa geçirilýän we geljegi uly bolan iri göwrümli taslamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Özarabähbitli ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda “ITOCHU Corporation” ýapon kompaniýasynyň wajyp orny bellenilip geçildi. Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk tehnikalaryny hem-de awtoulaglary getirmegiň meselelerine seredilip geçildi. Şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk boýunça «JBIC» Ýapon banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň birinji ýarymynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň Başlygy, “ITOCHU Corporation” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Açyk hem-de işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşiklerde taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ähmiýetli ugurlaryny, has takygy söwda-ykdysady ulgamyndaky özarahereketleri ara alyp maslahatlaşdylar. Myhman Döwlet Baştutanyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň tagta çykmagy bilen baglylykda Ýapon halkyna ýollan mähirli arzuwlary üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi