icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 maý 2019

594

2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk dowam edýär

2019-njy ýylyň 19-22-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri hem-de Daşary işler ministriniň orunbasary we Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Sekretary Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti W.Şestakowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde saparda boldular.

Türkmen wekiliýeti FIAS-nyň Moskwadaky edarasynda 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň 2019-njy 22-nji martynda geçirilen mejlisinde şeýle iri göwrümli çäräniň Türkmenistanda geçirilmegi hakyndaky karar kabul edildi.       

Halkara Sambo federasiýasynyň prezidenti W.Şestakow bilen duşuşygyň hem-de Sambo boýunça dünýä ýaryşynyň Aşgabatda geçirilmegi boýunça ýörite döredilen iş toparynyň mejlisine laýyklykda degişli şertnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi