icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 maý 2019

583

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Aşgabat şäherine 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.N.Rumasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-belarus gatnaşyklarynyň netijeli ösüşini işjeňleşdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmek meseleleri barada pikir alşyldy, şeýle-de GDA-nyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hakynda bellenip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi