icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 iýun 2019

2104

DÖM ulgamyndaky Meýletin milli syn boýunça tanyşdyryş çäresi

2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň deslapky tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi, şeýle hem resminama boýunça taýýarlanylan wideorolik görkezildi. Soňra çärä gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça geljekki hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.  

DÖM ulgamyndaky Türkmenistanyň Meýletin milli synyna 2019-njy ýylyň iýul aýynda geçiriljek EKOSOS-yň Syýasy Forumynyň çäklerinde serediler.   

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi