Singapur Respublikasynda türkmen-singapur syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Singapurda Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Singapur tarapyndan geňeşmelere Singapuryň Daşary işler ministriniň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça orunbasary Ng Tek Hean ýolbaşçylyk etdi.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň türkmen-singapur gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, taraplar ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda abraýly halkara guramalaryň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine seredilip geçildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ýokary derejeli saparlary guramagyň hem-de bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmekligiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Türkmen wekiliýetiniň Singapura saparynyň çäklerinde ýurduň Goranmak we Daşary işler ministrlikleriniň uly Döwlet ministri jenap Maliki Osman hem-de Singapuryň hyzmatdaşlyk kärhanasynyň, Dolandyryş we ösüş institutynyň, Singapuryň Işewürler federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.