icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 iýun 2019

819

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Geçirilen maslahatyň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtly alymlar we bilermenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylymlar güni mynasybetli maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň birnäçesi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň ählumumy ösüşleri we ylym ulgamynyň gurluşy, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşleri, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada beýan etdiler.

Çykyşlardan soňra, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly maslahatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti boldy.

Maslahat öz işini dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi