icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 iýun 2019

604

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa sapary

2019-njy ýylyň 13-14-nji iýunynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň türkmen we awstriýa bölekleriniň agzalary, şeýle hem iki tarapdan çagyrylan guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Taraplar mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň giň toplumy boýunça özara pikir alyşdylar. Toparyň dokuzynjy mejlisinde öňe sürlen teklipleriň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar, sanly ykdysadyýet, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar energetika we ekologiýa taslamalary, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat, syýahatçylyk, bank ulgamy hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar toparyň on birinji mejlisini 2020-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen Awstriýanyň kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

14-nji iýunda Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady palatasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň telekeçileri gatnaşdylar.

Wenada geçirilen işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça türkmen we awstriýaly telekeçileriň arasynda ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň «FHW Franz Haas Wafellmaschinen GmbH» kompaniýasyna baryp gördi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi