icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 iýun 2019

644

Tähranda Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleri açyldy

2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki birnaçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, ýerli türkmen diasporasynyň, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkaman hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow gutlag sözleri bilen çykyş edip, Medeniýet günleriniň üstünlikli geçmegini arzuw etdiler we geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdylar.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Tähran şäheriniň “Hane-ýe honarmandan” medeniýet merkezine bardylar. Bu ýerde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, türkmen saz gurallarynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergi iýun aýynyň 17-ne we 18-ne hem öz işini dowam eder.

Geçirilen çärelerden soň, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri EYR-nyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Seýed Abbas Salehi bilen duşuşdy. Duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda medeni hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bar bolan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Iýun aýynyň 18-ne çenli dowam etjek Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde, Tähran şäheriniň Milli kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasynyň we kitap sergisiniň gurnalmagy, iki ýurduň muzeý işgärleriniň, sungaty öwrenijileriň, senetçilik sungatynyň ussatlarynyň, taryhçylarynyň gatnaşmagyndaky maslahatynyň hem-de tegelek stol görnüşindäki söhbetdeşligiň geçirilmegi, türkmen kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň, şeýle hem jemleýji çäre hökmünde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konsertiniň gurnalmagy göz öňünde tutulýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi