icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 ýanwar 2017

1294

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2017-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Farruh Homiddin Şarifzoda bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Mejlisiň barşynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenilip geçildi. Iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary halkara guramalarynyň çäklerinde hem işjeň ösdürilýär.

Şeýle-de türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň açyklygyna we netijeliligine ähmiýetli derejede özara saparlary yzygider we önjeýli häsiýete eýe bolan iki dostlukly döwletiň Liderleri tarapyndan berilýän uly üns bilen şertlendirilendigi hem bellenilip geçildi.

Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda giňeldilmeginiň möhümdigini belläp, Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary we oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmek üçin tagallalary etjekdigine ynandyrdy.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi