icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 iýun 2019

684

“Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçirilen maslahatyň esasy maksady türkmen-koreý bilelikdäki ulag, logistika we deňiz portlaryny dolandyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolup durýar.

“Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahatda çykyş edenler türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi we şu güni barada gürrüň etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi