icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 iýun 2019

648

Rumyniýanyň DIM-de Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary jenap Danuts Nekulaeskunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Geçirilen gepleşiklerde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gürrüň etdiler.

Şeýle hem, gepleşikleriň barşynda taraplar halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu manyda, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk, ÝB-Merkezi Aziýa formatynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňlendirmek we 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk etmeklik baradaky meselelere garalyp geçildi.

Özarabähbitli dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolan meýilleri dogrusynda aýdylanda,  taraplar türkmen-rumyn syýasy dialogyň ýokary derejeliligini aýratyn nygtadylar. Şeýlelik bilen, soňky wagtyň dowamynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary derejesindäki saparlar barada bellenilip geçildi.

Taraplar iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňlendirmäge we ösdürmäge bolan aýratyn gyzyklanmalaryny bildirdiler. Bu manyda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň işiniň wajyplygy nygtaldy.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag ugry taslamasyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň ugurlarynyň hatarynda bilim ulgamynyň aýratyn ornuny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi