icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýun 2019

686

Türkmenistanda ABŞ-nyň täze Ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň başynda ABŞ-nyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek işinde Ilçä goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady özara hereketleri işjeňleşdirmäge meýil bildirýändiklerini mälim etdiler. Şeýle-de ikitaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de Owganystandaky  ýagdaýlary düzgünleşdirmek meselelerindäki özara gatnaşyklaryna seredip geçdiler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işi gönümel özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň potensialyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen “Türkmenistan – ABŞ” Işewürlik geňeşiniň orny hakynda aýratyn bellenilip geçildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi