icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 iýun 2019

655

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň «Sojitiz Europe plc.» kompaniýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň «Sojitiz Europe plc.» kompaniýasynyň Prezidenti Satoru Takahama bilen bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlarda üstünlikli özgerip hil taýdan täze derejelere çykýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Ýapon kompaniýasynyň Prezidenti önjeýli gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirip, uly ähmiýeti bolan milli taslamalaryň amala aşyrmaklyga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi