icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 iýul 2019

628

Aşgabatda Türkmen-Bahreýn syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşiniň alnyp barylşyna seretdiler.

Bitaraplyk derejesine laýyklykda alnyp barylýan ýurduň daşary syýasy işini belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän sebitleýin we halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-da we onuň ýöriteleşdirilen agentliklerinde  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygyny tassykladylar.

Mundan başga-da, geňeşmeleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de şertnama-hukuk binýadyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalaryny beýan edip, olary işjeňleşdirmek boýunça pikirlerini alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi