icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 iýul 2019

567

Türkmenistanyň wekiliýeti EKOSOS-yň howandarlygy astynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka geldi

2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine saparynyň birinji gününde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we maksatnamalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Has takygy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana we Baş sekretaryň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekil hanym Fekitamoeloa Utoikamana bilen duşuşdylar. 

Baş sekretaryň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda taraplar ulag hem-de energetika ulgamynda has ysnyşykly özarahereketleri ösdürmegiň zerurlygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmeginiň meseleleriniň ilerledilmegindäki başlangyçlarynyň ähmiýeti, şeýle hem dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň durnukly daşalmagynyň üpjün edilmegi ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerulygy bellenilip geçildi. Deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara ulag özarahereketleriniň ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen türkmen tarapy Baş sekretaryň orunbasarynyň edarasy tarapyndan geçirilýän forumlara mundan beýläk hem işjeň gatnaşmaga taýýarlygyny mälim etdi.

ESKATO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ulgamynda, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça iş ýüzündäki amallaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýokary derejeli wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek gaýtalady, çünki bu çäräniň çäklerinde BMG-niň ýokarda görkezilen edaralary üçin derwaýys bolan hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi