icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 awgust 2019

672

Türkmenistan we Bolgariýa özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmägi maksat edinýärler

2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.

11-nji awgustda B.Borisow Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, myhman bu ýerde häzirki zaman awtosenagat ulgamynyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldy.

Saparynyň çäklerinde Bolgariýanyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Bolgariýanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň geçirilmegi hem-de resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilendir.

12-nji awgustda Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy. Şeýle hem ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan medeni çärelere hem-de dabaralara gatnaşdy.    

Bu forumyň iki ýurduň wekiliýetleriniň wekilleriiniň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin netijeli meýdança bolandygyny bellemek zerurdyr. Bolgariýanyň we Türkmenistanyň işewürlik toparynyň wekilleri üçin tegelek stol geçirildi. Mundan başga-da, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi, onuň barşynda taraplar hususan-da energetika, derman senagaty, ulag, bilim we ylym ulgamlaryndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi